Turkmenportal logo
02.06.23
5269752697
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Almaty şäherine yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Almaty şäherine yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli bolan iki ýyl töweregi arakesmeden soň Türkmenistandan Gazagystana uçuşlary amala aşyryp başlady.


Şeýlelik bilen, 2-nji iýunda awiakompaniýa Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlary gaýtadan ýola goýdy.


Uçuşlar hepdede bir gezek, anna günleri amala aşyrylar.


Uçar Aşgabatdan 09:05-de ugrap, 12:35-de (Almaty wagty) gonar. Almatydan gaýdyp gelýän uçuş 14:00-da bolup, 15:50-de (Aşgabat wagty) gonar. Uçuş wagty takmynan 2,5 sagat bolar.


Aşgabatdan Almaty şäherine petekleri www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly satyn alyp bilersiňiz.


2023-nji ýylyň iýunyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabatdan Almaty şäherine petekleriň bahasy 3587,5 TMT.


Türkmenistana gaýdýan uçuşlar üçin petekleri Gazagystanda aşakdaky salgylarda satyn alyp bilersiňiz:


EurAsiaTransit Logistics & Beyond


  • 050012, Almaty ş.
  • Köç. Amangeldi 64а, 3 gat
  • «Алма» Biznes merkezi
  • Telefon belgisi: +77273399393

EurAsiaTransit Logistics & Beyond


  • 050039, Almaty ş.
  • Köç. Ahmetowa, 51B
  • Telefon belgisi: +77273399393
  • (goş.139)

Alavia Express


  • Almaty ş. Al-Farabi, 17
  • «Нурлы-Тау» Biznes merkezi, K4B
  • Telefon belgisi: +77272506766
  • alavia@air.kz

Transavia


  • Almaty şäheri, kiçi etrapça. Keremet, 5-nji jaý, 17-nji blok (Seifullin köçesi)
  • Telefon belgisi:+77273150414
  • sales@transavia.kz