Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy CAFA ― 2023-de haýsy oýun taktikasyna eýerer?

21:4401.06.2023
0
14151

Oňyn netije gazanmak üçin bu sowalyň jogaby möhüm. Sowala baş tälimçi Mergen Orazow ilkinji gezek «Turkmenportala» jogap berdi:

― Döwrebap futbolda dürli taktiki usullar bar. Ýöne biz olaryň belli birine bagly diýip bilmerin. Biz, esasan, oýnumyzy garşydaşa görä alyp barmagyň tarapynda. Aslynda welin, dört goragçyly we hüjüme ýykgyn edýän taktiki gurluşy gowy görýärin.

Habarçymyzyň netije bermeýän taktikany özgertmek bilen bagly sowalyna ol şeýle diýdi:

― Oýunda her zat bolup biler. Eger ol biziň isleýşimiz ýaly gitmese, esasy meýilnamany biraz üýtgedip bileris.

Sowallaryň başga-da birnäçesi jogap bolup biljek söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň