Turkmenportal logo
01.06.23
1045310453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Russiýada iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Russiýada iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

«CAFA Nations Cup ― 2023»-e Russiýanyň Moskwa oblastyndaky Ýegorýewsk şäherinde taýýarlanjak Türkmenistanyň futbol ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Bu barada baş tälimçi Mergen Orazow «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:


Iki duşuşyk meýilleşdirýäris. Häzir Russiýanyň çempionatynda oýunlar oýnalanok. Biziň garşydaşlarymyzyň biri Russiýanyň Premýer ligasynyň, ikinjisi bolsa Birinji ligasynyň wekili bolar.


Baş tälimçi uly göwrümli söhbetdeşlikde sowallaryň başga-da birnäçesine jogap berdi. Söhbetdeşligi şu salgydan dolulygyna okap bilersiňiz.