Soňky habarlar

Arhiw

Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 3 million 227,5 müň manatlyk önüm öndürildi

20:1601.06.2023
0
20604
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 3 million 227,5 müň manatlyk önüm öndürildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu ýylyň geçen bäş aýynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary dokalan dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 3 million 227,5 müň manatlykdan gowrak boldy.

Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulan 950 inedördül metre derek 1460 inedördül metr önüm öndürilendigini aňladyp, degişli meýilnamanyň 153,7 göterim berjaý edilendigine güwä geçýär. Häzirki wagtda hem gyzylarbatly halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz ussatlyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu fabrik «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki baýry kärhanalaryň hatarynda giňden tanalýar. Zehinli, tejribeli halyçy gelin-gyzlaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi hem içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bilen satyn alynýar.

Geçen gysga döwürde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Gyzylarbat şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze çeper halyçylyk kärhanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň