Ýerewanda türkmen halkynyň sungat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy

14:5501.06.2023
0
26137

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ikinji güni giň möçberli çärelere we netijeli duşuşyklara baý boldy. Aýratyn-da, Ýerewanyň O.Şarambeýan adyndaky amaly-haşam muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetkärçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Sergide goýlan gymmatlyklar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplar, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine hem-de türkmen halykynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge we ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan kitaplardyr žurnallar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Bu ýerde türkmen halkynyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Olaryň hatarynda gadymy milli lybaslar, ýaşaýyş-durmuş esbaplary bar. Milli saz gurallary hem-de dürli görnüşli bezeg şaý-sepleri sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Ýerewanyň Komitas adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy guraldy. Onuň dowamynda häzirki döwrüň saz medeniýeti, onuň köp öwüşginli ugurlary boýunça tejribe alyşmagyň, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň konserwatoriýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki konsertiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Onda türkmen we ermeni artistleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ermenistanyň paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde beýik şahyr we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Istärin» atly filmiň görkezilişi boldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň