Türkmen gümrükçileri Dubaýda ASYCUDA we Bir penjire ulgamlary boýunça okuw çäresine gatnaşdylar

11:5801.06.2023
0
14407
Türkmen gümrükçileri Dubaýda ASYCUDA we Bir penjire ulgamlary boýunça okuw çäresine gatnaşdylar
Surat: customs.gov.tm

22—26-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminiň işgärleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ASYCUDA we Bir penjire ulgamlary boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Elektron gümrük we bir penjire ulgamyny durmuşa geçirmek babatda Bütindünýä gümrük guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan standartlar bilen hem-de gümrük işini sanlylaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropa sebitiniň tejribesi bilen tanyşdyrmak okuw çäresiniň esasy maksady boldy» diýlip, habarda nygtalýar.

Çärä gatnaşyjylar ynsanperwer ýükler üçin Dubaýyň halkara merkezine baryp gördüler, şeýle hem söwdany ýeňilleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, bu okuw çäresi BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkeziniň goldawy bilen, ASYCUDA we Bir penjire ulgamlaryny ulanyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin UNCTAD usulyýet çäreleriniň çäginde guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň