Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «CAFA Nations Cup 2023»-e Russiýada taýýarlanar

10:2201.06.2023
0
13525

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýerli hünärmen Mergen Orazowyň tälimçiliginde «CAFA Nations Cup 2023» halkara ýaryşyna taýýarlygynyň çäginde 2-9-njy iýun aralygynda Moskwa oblastynyň Ýegorýewsk şäherinde (Russiýa) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýygyndy toparyň gutarnykly sanawyna oýunçylaryň 25-siniň çagyrylandyklaryny bellemek gerek.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara ýaryşynda «A» toparçada bäsleşer. Ýygyndy toparyň garşydaşlary Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bolar. Bu toparçanyň duşuşyklary Daşkent şäherinde geçiriler.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan guralýan «CAFA Nations Cup-2023» halkara ýaryşynyň 10 ― 20-nji iýun aralygynda Daşkent hem-de Bişkek şäherlerinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 11-nji iýunda Täjigistanyň ýygyndy topary bilen geçirer. Daşkendiň «Pahtakor» stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar.

Ýygyndy toparyň ikinji garşydaşy Özbegistanyň milli ýygyndysy bolar. 14-nji iýunda «Bunýodkor» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:30-da başalanar.

Milli ýygyndy 17-nji iýunda soňky duşuşygyny geçirip, onda Omanyň ýygyndy topary bilen duşuşar. «Pahtakor» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk 20:30-da başlanar.

«CAFA Nations Cup-2023» halkara ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşigi bir aýlawdan ybarat bolar. Toparçalaryň ýeňijileri finalda, ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa üçünji orun ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň