Turkmenportal logo
01.06.23
1730917309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rassel Krou Kolizeýde ilkinji lifti açdy
Rassel Krou Kolizeýde ilkinji lifti açdySurat: planeta.turtella.ru

«Gladiator» filminiň aktýory Rassel Krou we Italiýanyň medeniýet ministri gadymy Kolizeý taryhy ýadygärliginde ilkinji liftiň açylyşyna gatnaşdy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.



Surat: elevatorscenestudio.com


Gadymy Rimiň binagärlik ýadygärliginde aýnadan edilen lift oturdyldy, onuň içinden daş-töweregi synlamak bolýar. Lift şeýle hem Kolizeýe gelýän jahankeşdeleri 100 sany dik basgançaklary pyýada geçmekden halas eder.


Ýeri gelende aýtsak, gadymy sahna söweşijileri — gladiatorlar baradaky filmleri Kolzeýde surata düşürmeýärler. 2000-nji ýylda aktýor Rassel Krounyň surata düşen «Gladiator» filmi Tunisdäki El-Jemedäki amfiteatrda surata düşürildi.