Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Sabiana» we «Grad» sowadyş ulgamlary öýde hem-de ofisde göwnejaý howa gurşawyny döredýär

10:0501.06.2023
0
26545

Sowadyş hem-de ýyladyş enjamlaryny öndüriji «Grad» (Hytaý) we «Sabiana» (Italiýa) kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy howa sowadyjylaryny, split ulgamlary, fankoýllary, çillerleri, şeýle-de VRV multi zolak sowadyş ulgamlaryny hödürleýär.

«Sabiana» — eýýäm 90 ýyldan gowrak wagt bäri sowadyş we ýyladyş ulgamlarynyň önümçiligine ýöriteleşip, bu ugurda iş alyp barýan italýan kompaniýasydyr. «Sabiana» kompaniýasynyň haryt görnüşlerine — pol we diwarlyk sessiz fankoýllar hem-de gurnalan dolandyryş ulgamly howa sowadyjylary degişli. Resmi paýlaýjy «Sabiana» haryt nyşanly bu ulgamlaryň ählisine bir ýyllyk kepillik berýär.

Hytaýyň «Grad» kompaniýasy bolsa otaglara niýetlenen split howa sowadyjylarynyň, pol ýyladyjy enjamlarynyň, şol sanda howa sowadyjyly sowuk/ýyly suw modul çillerleriniň we howa sowadyjyly sowuk/ýyly suw nurbat çillerleriniň giň görnüşlerini sarp edijilere ýetirýär. «Grad» enjamlary pes woltly şertlerde hem işlemäge ukyply, hatda onuň pese düşmeginde-de çydamlydyr.

Sowadyş we ýyladyş ulgamlaryny gurnamak babatda maslahatlaşmak we Türkmenistanyň çägine sargyt etmek üçin «Sabiana» we «Grad» brendleriniň resmi paýlaýjysy bilen şu salgylar arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 65) 41 82 82, (+993 64) 27 91 87.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň