Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi

09:3001.06.2023
0
14715
Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi
Surat: telegraphindia.com

Şahruh Han, Salman Han we beýleki meşhur kino ýyldyzlary Hindistanyň iň köp hak alýan aktýorlarynyň sanawyna girýärler. Emma olaryň ählisinden hem günorta Hindistanyň kino ýyldyzy Wijaý Talapati filmde döreden keşbi üçin iň köp hak alýar diýip, «Bollywoodlife.com» saýty ýazýar.

Habarda Amitabh Baççan, Şahruh, Salman we Aamir Han ýaly ýyldyzlaryň keşp hakynyň tutuş filmiň býujetinden ýokarydygy ýazylýar.

Emma olaryň ählisinden hem kinoprokatçylara iň köp girdeji getirýän we ummasyz hak gazanýan tamil kinosynyň aktýory Wijaý Talapatidir. Ol 1974-nji ýylyň 22-nji iýunynda ýurduň Çennaý şäherinde dünýä indi. Hakyky ady Wijaý Jozef bolan bu aktýor häzirki wagtda her filmi üçin 200 kror rupiýa alýar (1 kror 10 million rupiýa deň). Deňeşdirmek üçin, Şahruh, Salman we Aamir Hanlar hem-de Akşaý Kumar her film üçin 100-150 kror alýarlar diýip, ady agzalan neşir ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, Wijaý Talapatiniň şu ýyl prokata çykan «Warisu» atly dramasy uly kassa ýygymlaryny gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň