Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Ruhy Lideri bilen duşuşdy

22:4731.05.2023
0
26465

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň barşynda EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň maslahat.gov.tm internet saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri we Eýran Yslam Respublikasynyň Ruhy Lideri özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak barada söhbet etdiler.

Ýokary derejedäki gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Eýran bilen Türkmenistanyň diňe bir ýakyn goňşy däl, eýsem hakyky doganlyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlar we halklar bolup durýandygyny bellemek isleýärin — diýip nygtady.

Bellenilişi ýaly, 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikde mundan beýläk-de türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitjekdiklerini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň