Turkmenportal logo
31.05.23
2087920879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministrini 60 ýaş toýy bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministrini 60 ýaş toýy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.