Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar

15:3131.05.2023
0
19634

Iki ýurduň arasynda täze elektrik geçirijisi açylandan soň Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş-çalyş kuwwaty iki esse artyp, 1000 MWt ýeter. Muny Eýranyň energetika ministriniň sözlerine salgylanyp, «Mehrnews» habar berdi.

Ali Akbar Mehrabian bu barada Tährana sapar bilen gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Mehrabian türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda suw we elektrik üpjünçiligi pudagy boýunça netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

«Bu duşuşyklarda Mary—Sarahs aralygyndaky uzynlygy 150 kilometr bolan dört aýlawly elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygynyň gysga wagtda başlajakdygy ylalaşyldy; Bu liniýanyň gurluşygy üçin potratçy bolup eýranyň kompaniýasy çykyş edýär we onuň gurluşygynda Eýranda öndürilen enjamlar we abzallar ulanylýar» diýip, Mehrabian aýtdy.

«Häzirki wagtda Eýran Türkmenistanyň elektrik alyş-çalyş kuwwaty 500 megawata barabardyr we täze Mary—Sarahs liniýasynyň gurulmagy bilen bu görkeziji iki esse artyp, 1000 megawata çenli ýeter» diýip, eýranly ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň