Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýakyn wagtda Eýrana gaz eksport edip başlar

14:2131.05.2023
0
18700

Eýran ýakyn wagtda Türkmenistan bilen tebigy gaz importy hakynda şertnama baglaşar. Bu barada Eýranyň nebit ministrine salgylanyp, «Mehrnews» habar berdi.

Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan günde, takmynan, 10 million kub metr tebigy gaz import ediler diýip, Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen bolan duşuşygyň çäginde žurnalistlere aýtdy.

Onuň bellemegine görä, gaz importy eýýäm ýakyn wagtda başlar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny nygtady.

Habar berilmegine görä, iň soňky 1401-nji eýran senenama ýylyndaky (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) maglumata laýyklykda, Eýran ABŞ-dan we Russiýadan soň dünýäde üçünji uly gaz öndürijisi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň