Arhiw

«Türkmenistan» gazetiniň yglan eden döredijilik bäsleşikleri dowam edýär

11:4631.05.2023
0
15984

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda içeri we daşary syýasatlarda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezmek, şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we şanly seneler mynasybetli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň dowam edýändigini habar berýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly bäsleşik

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Garaşsyzlygyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän işlerde ýurduň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şol sanda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy anyk maglumatlar esasynda gysgadan manyly beýan edilmelidir. Oba durmuşy, obanyň taryhy, onda uly yz goýan belli şahsyýetler barada hem ýazylyp bilner. Eserler oba medeniýet öýleri, milli gymmatlyklary aýratyn sarpalaýan adamlaryň öý muzeýleri barada hem bolup biler. Täze döwrüň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan daýhan hojalyklary, öňdebaryjy daýhan birleşikleri, tejribeli daýhanlar, şol sanda ussat bagbanlardyr pileçiler baradaky makalalar hem bäsleşige hödürlenilip bilner.

Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky ongünlüginde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

«Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly bäsleşik

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurtda durmuşa geçirilýän işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurtda gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.

Ýaşlar bäsleşige hödürleýän eserlerini şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli ýollap bilerler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

***

Bäsleşiklere hödürlenilýän işler elektron nusgada «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron poçtasyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) degişli bäsleşigiň ady bilen ugradylmalydyr. Olaryň arasyndan iň gowulary saýlanyp-seçilip gazetde çap ediler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň