Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

10:2431.05.2023
0
13424

Ozal habar berşimiz ýaly, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň barşynda, düýn — 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygyndan soňra gepleşikler iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň barşynda taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegi we üstaşyr geçirilmegi, eksportyň we importyň artdyrylmagy, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatdaky meseleleriň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi. Gaz alyşmak boýunça iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.

Türkmenistan we Eýran ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Munuň özi bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe anyk teklipleri, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine degişli başlangyçlary beýan etdi.

Oba hojalygy hem döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Taraplar bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny nygtadylar.

Söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda hem gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mehanizmleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi iki dostlukly ýurduň, olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň