Türkmenistan we Pakistan üstaşyr söwda hakynda Şertnama gol çekmegi meýilleşdirýärler

17:2530.05.2023
0
25867
Türkmenistan we Pakistan üstaşyr söwda hakynda Şertnama gol çekmegi meýilleşdirýärler
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda gol çekilip bilinjek üstaşyr söwda hakyndaky Şertnamany taýýarlaýar. Ikitaraplaýyn resminamanyň taýýarlanmagyny tamamlamak üçin ministrler topary Pakistana barar. «The Nation» gazetinde habar berilmegine görä, muny Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow mälim edipdir.

Bu beýanat 29-njy maýda duşenbe güni türkmen ilçisiniň pakistanly işewürlerden ybarat topar bilen bolan duşuşygynda edildi.

Duşuşyga suwuklandyrylan gaz öndürijiler birleşiginiň başlygy Irfan Hohar, Söwda-senagat edarasynyň sekretary Zulfikar Batt, «E-Light» kompaniýalar toparynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammad Abbas Malik, «Gold Gas Pvt» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Şafkat Huseýin we «Gold Gas Company» kompaniýasynyň başlygy Aziz Halid gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibindäki meseleleriň biri Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy. Türkmen-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjysy Daru Han Açakzaý taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, esasanam energiýa pudagynda täze ýollary açjakdygyny aýtdy.

Hususan-da, taraplar Pakistanyň suwuklandyrylan gazy Türkmenistandan import etmegi, nyrh mehanizmi, üstaşyr nyrhlary we suwuk gazyň owgan ýoly arkaly import edilmegi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň