Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça geçiriljek Merkezi Aziýanyň birinjiligine gatnaşmak üçin sportuň bu görnüşi boýunça halkara federasiýalaryň wekilleri türkmen paýtagtyna gelerler.
Ýaryşlaryň baş emini bolup eýranly Seftedžani Mohammadhassan Laçinani çykyş eder.
Ýaryşyň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň paýtagtyna Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebitiniň kuratory Amir Borgeýi, Halkara tennis federasiýasynyň bilermeni Pýotr Unežiski (Polşa), Aziýanyň Tennis federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manprit Kandhari, Özbegistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Iroda Tulýaganowa, Gyrgyz Respublikasynyň Tennis federasiýasynyň başlygy Nurdin Medetow, Täjigistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Abdurasul Muhidinow gelerler.
Merkezi Aziýanyň birinjiligi 5-nji iýunda başlanyp, 9-njy iýunda tamamlanar.