Türkmenistan Gyrgyzystanda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşar

13:3030.05.2023
0
20816

2-nji iýunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde II «Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa» sammiti geçiriler. «Report» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, oňa Türkmenistandan hem wekil gatnaşar.

Sammitiň geçiriljekdigi barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň Daşary syýasat bölüminiň başlygy Muratbek Azymbakiýew aýtdy diýip, çeşme ýerli metbugata salgylanyp habar berýär. Azymbakiýewiň aýtmagyna görä, sammite Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýolbaşçylyk eder.

«Sammite Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel gatnaşar» diýip, Azymbakiýew belleýär.

Sammitde iki sebitiň arasyndaky häzirki ýagdaý we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem halkara gün tertibindäki möhüm meseleler we Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň özara gatnaşyklary barada pikir alşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň