Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Ýangyn howpsuzlygy gullugyndan habar iberildi

13:1530.05.2023
0
36465

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine SMS habarnamalaryny ibermek arkaly howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý edip, elektrik-gaz enjamlaryny dogry ulanmagyň zerurdygyny ýatlatdy.

Habarda:

« Hormatly raýatlar! Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmeziňizden öň, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy unutmaň! TIIM-niň ÝHG»-diýilýär.

Şeýle hem Içeri işler ministrligi we onuň gol astyndaky gurluşlar raýatlara SMS habarnamalary arkaly möwsüm çalşygy döwründe howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygy barada yzygiderli ýatladyp durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň