Soňky habarlar

Arhiw

Demirgazyk welaýatda Amyderýanyň güni bellendi

10:2430.05.2023
0
21150

Daşoguz welaýatynda Amyderýanyň güni bellendi. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň, ýerli dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stol» geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sebitiň esasy suw çeşmesi hökmünde Amyderýanyň Türkmenistanyň, goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmekde we umuman sebitiň uzak möhletleýin gülläp ösmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýeti barada bellendi.

Şeýle hem, ekologiki senäniň ähmiýetini bellemek bilen, Şawat kanalynyň kenarynda köpçülikleýin nahal oturdyldy. Çagalaryň arasynda «Amyderýa — dostluk derýasy» mowzugynda surat çekmek boýunça ýaryşy guraldy, ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. «Нейтральный Туркменистан» gazetinde berilýän habara görä, şeýle çäreler Özbegistanda we Täjigistanda hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň