Soňky habarlar

Arhiw

Polşanyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

22:5829.05.2023
0
34991

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde ösdürilýän iki ýurduň dostlukly, netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem ilçi Rafal Poborski Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Diplomat duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümleri we onuň dürli ugurlardaky özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işleri bilen hem tanyşdyryldy. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rafal Poborski Polşa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, iki ýurduň ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň