Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy

22:2129.05.2023
0
22500

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokarda agzalan ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň