Halk Maslahatynyň Başlygy koreýaly işewür bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

22:3729.05.2023
0
31679
Halk Maslahatynyň Başlygy koreýaly işewür bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we çagalaryň ene-atalaryna bolan söýgüsiniň, hormatynyň çuňňurlygynyň koreý hem-de türkmen halklaryna mahsus häsiýetlerdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýola iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Duşuşykda soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2022-nji ýylyň 27 — 30-njy noýabry aralygynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny, onuň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerini we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, işewürlik maslahatynyň guralandygyny, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

— Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikler bar — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Söhbetdeşlikde, hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn tejribesini, işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi bellenildi. Häzirki döwürde täze, döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigi, onuň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylýandygy, munuň bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy barada aýdyldy.

Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýany gaýtadan dikeltmegiň çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýär we uzak möhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gepleşikler üçin koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi we Jong Won-juwa berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň