Ýaşlar ligasy ― 2023: birinji aýlaw «Altyn asyryň» öňdebaryjylygy bilen tamamlandy

17:3329.05.2023
0
27961

Paýtagtyň «Altyn asyr» toparynyň ýaşlar düzümi ýurdumyzyň futbol birinjiliginiň birinji aýlawynyň jemi boýunça ýaryş tertibini birinji hatarda tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

9-njy tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda «Altyn asyr-2» topary myhmançylykda «Energetigiň» ýaşlar düzüminiň derwezesinden jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegi başardy. Gazanan bu ýeňşinden soň «Altyn asyr-2» topary utugyny 21-e ýetirdi. Ikinji orny eýeleýän «Ahal-2» topary 16 utuk toplady.

9-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdag -2» bilen «Nebitçi-2» toparlary degişlilikde «Aşgabadyň» hem-de «Merwiň» ýaşlar düzümlerini ýeňlişe sezewar etdiler.

Geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplan «Aşgabat-2» topary ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýär.

Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda 5 topdan geçiren Arslan Saparow, Söhbet Durdyýew (ikisi-de «Altyn asyr») hem-de Daýanç Meredow («Ahal») öňdeligi eýeleýärler.

Ýaşlar birinjiliginiň 2-nji hem-de 3-nji aýlawynyň senenamasy soň belli ediler.

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

«Aşgabat -2» – «Köpetdag-2» – 0:2

«Energetik-2» – «Altyn asyr-2» – 0:4

«Nebitçi-2» – «Merw-2» – 5:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň