150-den gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alar

17:2029.05.2023
1
74447

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bejergä mätäç bolan çagalara dürli operasiýalar üçin yzygiderli serişdeleri bölüp berýär. 100-den gowrak çaga eýýäm hirurgiki bejergi aldy, 50-den gowrak çaga bolsa lukmançylyk synaglaryndan geçdi we dürli zerur lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi diýlip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda ýurduň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde Aşgabat şäherinden we welaýatlardan bolan çagalar üçin kardiohirurgiýa, ortopediýa we neýrohirurgiýa operasiýalary geçirildi.

Operasiýa geçirilen çagalaryň iň kiçisiniň ýaşy bary-ýogy 4 aýdan gowrak diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gazna diňe bir çagalaryň bejergisine däl, eýsem lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmaga hem ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
milanfanat2089 ( 29.05.2023 )

Можно адреса и телефоны фонда?!

17