Täjik bazarynda türkmen pomidoryna isleg artýar

10:2029.05.2023
0
18091

Türkmenistanda ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilen pomidorlar Täjigistanyň bazarlarynda iň bir geçginli önüme öwrüldi. Bu barada «EastFruit» saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, hil taýdan beýleki ýurtlardan eksport edilýän önümlerden görnetin tapawutlanýan pomidorlar ýerli bazarlarda alyjylaryň uzyn nobatyny emele getirýär. Muny pomidorlaryň nobatdaky getirilen tapgyryndan hem görmek bolýar.

«Türkmen ýyladyşhana pomidorlary alyjylaryň arasynda gaty meşhur we gowy satuwy kepillendirýän ýaşyl şaha görnüşinde beýleki import edilýän önümlerden görnükli artykmaçlyga eýe» diýip, FAO-nyň halkara geňeşçisi Bagtyýor Abduwohidow aýdýar.

Şeýle hem, Türkmenistandan getirilen pomidorlaryň Täjigistan bazarynda diňe beýleki ýurtlardan import edilýän ýyladyşhana önümleri bilen däl, eýsem açyk asmanda ekilýän ýerli pomidorlar bilen hem üstünlikli bäsleşýändigi bellenilýär. Türkmenistandan getirilen pomidorlar bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, has gowy we çalt satylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň