Turkmenportal logo
29.05.23
2338523385
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanada hokkeý boýunça DÇ-2023-iň finalynda Germaniýany ýeňdi
Kanada hokkeý boýunça DÇ-2023-iň finalynda Germaniýany ýeňdi

Hokkeý boýunça Kanadanyň ýygyndysy dünýä çempionatynyň finalynda Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Finlýandiýanyň Tamper şäherinde geçirilen oýun 5:2 hasabynda Andre Turiniden tälim alýan kanadalylaryň peýdasyna tamamlandy.


Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Semmi Ble dubl etdi (11, 45), şeýle-de Louson Kruz (38), Taýler Toffoli (52), Skott Loton (58) dagy öz atlaryna bir şaýbadan ýazdyrdylar. Germaniýanyň düzüminde Jon-Jeýson Peterka (8) hem-de Daniel Fişbuh (34) tapawutlandy. Ýeri gelende bellesek, Kanada öz taryhynda 28-nji gezek dünýä çempiony boldy. Şeýle-de bu ýurduň ýygyndysy dünýä çempionatynda 16 gezek kümüş, 9 gezek bürünç medala mynasyp boldy.


Germaniýanyň ýygyndysy bolsa öz taryhynda üçünji gezek dünýä çempionatynyň kümüş medalyna eýe çykdy. Mundan başga-da, bu ýurduň ýygyndysy iki gezek dünýä çempionatynyň bürünç medalyny hem gazanypdy.