Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

21:1628.05.2023
0
25298
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Surat: Murat Cetinmuhurdar/PPO/Reuters

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 28-nji maýda geçen ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda saýlaw býulletenleriniň 99 göterimi sanalanda, sesleriň 52,6 göterimini gazandy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.

Ärdogan Prezident saýlawlarynyň netijelerine «demokratiýanyň baýramçylygy» hökmünde baha berdi diýip, TASS ýazýar. Ol halkyň öňdäki bäş ýylda ýurdy dolandyrmaga özüne we egindeşlerine jogapkärçiligi ynanandygyny nygtady.

«Gazeta.ru» Ärdogany gaýtadan saýlanmagy bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň, şeýle-de Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýewiň we Ilham Aliýewiň gutlandygyny habar berdi.

Türkiýäniň «Anadolu» döwlet habarlar gullugynyň getiren maglumatlaryna laýyklykda, Ýokary saýlaw komissiýasy saýlaw býulletenleriniň 99 göterime golaýy sanalandan soňra Ärdoganyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 52,21 we onuň bäsdeşi Kemal Kiliçdaroglunyň 47,79 göterimini alandygyny yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň