Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry dowam edýär

12:1028.05.2023
0
21431

Türkiýede ýerli wagt bilen sagat 08:00-da Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermek üçin saýlaw uçastoklary açyldy. Bütin ýurtda saýlaw gutularynyň 191 müňden gowragy oturdyldy, saýlawçylaryň sany 60 millondan geçýär diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, ses berlişigiň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç biri sesleriň 50 göterimini gazanyp bilmedi, ikinji tapgyra gatnaşmak hukugyny «Respublika bileleşiginden» bolan dalaşgär, ýurduň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan (sesleriň 49,52 göterimi) we «Halk bileleşiginden» dalaşgär, Halkçy-respublikaçylar partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdaroglu (44,88 göterim) gazandylar.

Prezidentlige öňki dalaşgär, «ATA» bileleşiginden bolan Sinan Ogan birinji tapgyrda 5,17 göterim ses alyp, öz tarapdarlaryny ikinji tapgyrda Ärdogana ses bermäge çagyrdy.

Sesleriň sanalyşygy saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 17:00-da ýapylan dessine sanalyp başlanar.

Türkiýäniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary 24-nji maýda ses berdiler, dünýäniň 73 ýurdunda jemi 3,5 million saýlawçy ses berdi.

Saýlawlaryň netijelerini teleýaýlymlarda we beýleki habar beriş serişdelerinde beýan etmäge 28-nji maýda sagat 21:00-a çenli gadaganlyk giriziler. Merkezi saýlaw toparynyň kararyna görä, bu gadaganlyk kesgitlenen wagtdan öň ýatyrylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň