Top.Mail.Ru

Arhiw

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

20:1427.05.2023
0
24287
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi
Surat: Turkmenportal

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän, ýagny dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň deslapky tapgyryna gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutarda türkmen halky aýdymlaryny, şol sanda halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan «Amman-amman», «Pyragyny gören daglar», «Sonam geldimi», «Galmanam senden», «Nowgül», «Tüni derýa», «Ýandy bagrym», «Selbinýaz» ýaly türkmen halk aýdymlary, şeýle-de «Balsaýat», «Ýylgaýlar», «Gaşly ýar», «Selbinýazgyrk» «Aýna», «Gülhanym» ýaly halk sazlary ýerine ýetirildi.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki Annagylyç Mätäji adyndaky 70-nji orta mekdebiň mugallymy Şaguly Hojamgulyýew, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähri Hommatnazarowa bagşyçylyk, ýagny dutarda aýdym aýtmak boýunça, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň dutarçylar toparynyň sazandasy Baýramgeldi Atadurdyýew bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» folklor toparynyň sazandasy Serdar Bäşimow dutarda saz çalmak boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Çalsana, bagşy» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran dutarçy bagşy-sazandalar bäsleşigiň jemleýji, ýagny döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry bäsleşigiň Aşgabat şäheri hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan dutarçy bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň