Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

17:4627.05.2023
0
25168
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

Sankt-Peterburgda geçirilen onunjy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

26-njy maýda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy umumy mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Amatly daşky gurşawy üpjün etmek, ýaşyl we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada bellendi. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we ýaş nesilleri ekologiýa taýdan terbiýelemek boýunça uly tagallalaryň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy.

Ekologiýa we durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary beýan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ekologiýa gün tertibini düzmäge gönükdirilen başlangyçlary uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň tebigaty goramak ugrunda BMG-niň birnäçe esasy konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, ugurdaş halkara guramalaryň çäklerinde uly işleriň alnyp barylýandygy, sebit derejesinde, şol sanda, Hazarýaka döwletleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigi barada nygtaldy.

Ozal Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň