Turkmenportal logo
27.05.23
2478024780
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi
ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildiSurat: mfa.gov.tm

ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar.


10 — 24-nji maý aralygynda geçirilen Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri, bilermenler we delegatlar, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi gün tertibinde Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlar tassyklandy:


  • «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;
  • «Hemmeler üçin welosiped – durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamak başlangyjy»;
  • «Daşkent Jarnamasy we irki ýaşdaky çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek boýunça çäreleri görmek babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça nobatdaky hereketler».