Türkmen wekiliýeti BMG-niň komissiýanyň sessiýasynyň çäklerinde ugurdaş çärelere gatnaşdy

13:3927.05.2023
0
23685
Türkmen wekiliýeti BMG-niň komissiýanyň sessiýasynyň çäklerinde ugurdaş çärelere gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasynyň çäklerinde «Özara dialogyň we köptaraplaýyn resminamalaryň jenaýatyň öňüni almakdaky ähmiýeti» atly ugurdaş çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherinde ýerleşýän edarasynyň binasynda geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» halkara ýylyň dowamynda geçirilen bu ugurdaş çärede UNODC-yň, UNRCCA-nyň, UNTOC konwensiýasy boýunça syn geçirmek mehanizminiň Sekretariatynyň, adyl kazyýetlik boýunça sebitara CASC tor ulgamynyň, Merkezi Aziýa we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahatda transmilli guramaçylykly jenaýatyň dürli görnüşlerine garşy gönükdirilen tejribeler, üstünlikler we öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri öz çykyşlarynda ýurtda bu ugurda alnyp barylýan netijeli işler, öňüni alyş çäreler barada bellediler hem-de bu babatda halkara kadalaryň milli derejede işjeň durmuşa geçirilmegine we halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar.

Bu ugurdaş çäräni Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy we UNODC guramasynyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin edarasy bilelikde guradylar.

BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň 32-nji sessiýasy 2023-nji ýylyň 22 — 26-njy maýynda geçirildi we onuň dowamynda dünýäniň ýurtlarynyň wekilleri bilelikde guramaçylykly jenaýatyň öňüni almaga we adyl hukuk ulgama gönükdirilen wezipeleri ilerletmek, taraplaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak, berkitmek bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň