Türkmenistanly körpe tennisçiler 5 ― 9-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçriljek Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşynyň öňüsyrasynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolup geldiler.
Ýygnanyşyga Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda 12 ýaş we ondan kiçi tennisçileriň 18-si gatnaşdy. Olaryň 10-sy oglanlar, 8-si gyzlardyr.Sport ussady Ýuriý Rogusskä Andreý Dowmatow bilen Arzuw Klyjewa hem ýardam berdi.
Has takygy, Daşkentdäki ýygnanyşyga gatnaşan oglanlaryň arasyndaEmirhan Rustamow, Süleýman Hudaýberdiýew, Nazargeldi Amangeldiýew, Muhammetsapa Serdarow, Aly Geldiýew, Imran Ahundow, Selim Çagylow, Resul Mämmetgurbanow, Isgender Ýagmyrow hem-de Kerimgeldi Welibegow dagylar bar. Geljegine uly ynam bildirilýän gyzlardan bolsa Sülgün Işangulyýewa, Aýlara Kakabaýewa, Näzli Hudaýgulyýewa, Anna Ponýatowa, Sähra Garahanowa, Natalýa Martynowa, Ilima Guseýnowa hem-de Sabrina Rahmanowa dagylar başarnygyny artdyryp geldiler.
Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşyna Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan hem-de Owganystan Yslam Respublikasyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşa bu döwletleriň her birinden 9 türgeniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýaryş 5 ― 9-njy iýun aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçer.