«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Muňa häzirki wagtda welaýatyň çägindäki uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý ýataklarda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu meýdançalarda şu ýylyň dört aýynda müdirlikler tarapyndan burawlanan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 42 müň 748 metre deň boldy.
Tutuş trest boýunça şu döwürde ulanyş maksatly gazylan guýularyň sany alta ýetirilip, bu baradaky meýilnama 120 göterim berjaý edildi. Şu gazanylan üstünlige «Nebitdag» we «Goturdepe» buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri has saldamly goşant goşmagy başardylar.

