Turkmenportal logo
27.05.23
1938319383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklary şu gün tamamlanar
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklary şu gün tamamlanar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyry şu gün geçiriljek üç duşuşyk bilen tamamlanar.


Öýlän sagat 18:00-da başlanjak duşuşykda «Aşgabat» paýtagt derbisinde «Köpetdagy» kabul eder. 18:15-de bolsa «Nebitçi» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşyk başlanar. Şeýle hem şu gün sagat 18-de Mary şäherinde başlanjak duşuşykda «Energetik» bilen «Altyn asyr» güýç synanyşar.


Tapgyryň açylyş duşuşygynda 7 gol geçirilip, onda «Arkadag» futbol toparynyň «Ahaly» 5:2 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.


Bu ýeňişden soň «Arkadag» utugyny 24-e çykaryp, birinji aýlawy birinji orunda tamamlady. Eger bu gün «Altyn asyrdyr» «Köpetdag» ýeňiş gazanaýanlarynda hem öňdebaryjy bilen aralygy diňe 7 utuklyk ýygryp bilerler. Häzir bu iki toparyň ikisinde hem 14 utuk bar.


Şeýle hem yzda galan duşuşyklarda «Nebitçi» 13, «Şagadam» 7, «Energetik» 6, «Merw» 5, «Ahal» bolsa 3 utuk ýygnap bildi.