«Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi Erik ten Hag «Çelsiniň» ýolbaşçylary çalşandan soň klubda emele gelen durnuksyz ýagdaý barada pikirlerini beýan etdi:
«Dogry, klubyň ýolbaşçylary çalşansoň, tälimçileriň işi kynlaşdy. Häzir bolsa topar kyn ahwaldan baş alyp çykmaga synanyşýar. Ýöne bir hakykat ― anyk: strategiýasyz pullaryň kömegi degmeýär».
Häzirki wagtda iň gowy oýunçylar we iň gowy tälimçiler Premýer-ligada işleýär. Klublar maddy taýdan juda güýçli. Bu bolsa olara islän oýunçysyny düzüme goşmak mümkinçiligini berýär.
Eliňde lomaý puluň bar bolmagy mümkin, ýöne ony oýlanyşykly sowmak gerek. Uzak oýlanyp, dogry kararlary kabul etmäge synanyşmaly. Anyk ýoly saýlamaly» diýip, ol metbugata pikirini beýan etdi.