Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi

15:4426.05.2023
0
19840

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda ýaşlaryň we çagalaryň arasynda uzak aralyga ylgamak hem-de kiçi futbol boýunça bäsleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda 26-njy maýda geçirilen gyzykly bäsleşiklere ýaşlaryň hem-de çagalaryň 100-e golaýynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Türgenleriň 60-a golaýynyň gatnaşmagynda geçirilen uzak aralyga ylgaw ýaryşynda ýaşlar özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Toparlaryň 4-siniň gatnaşmagynda geçirilen kiçi futbol bäsleşigi Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň “Diýar” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň