Soňky habarlar

Arhiw

99 million kilowat-sagat elektrik togy artyk öndürildi

10:2526.05.2023
0
11374

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny tok bilen ygtybarly üpjün etmekde häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil kuwwatlyklary arkaly ýokary derejede enjamlaşdyrylan Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan beketde ýylyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan hem köp elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy tutuş sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanda 99 million kilowat-sagada golaý elektrik togy artyk öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň