Turkmenportal logo
25.05.23
2843828438
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen pälwanlary guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynyň ilkinji günlerinde 7 medal gazandylar
Türkmen pälwanlary guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynyň ilkinji günlerinde 7 medal gazandylar

Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça şu günler Özbegistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda henize çenli 7 medal gazandylar. Olaryň biri altyn, ýene biri kümüş, galanlary bolsa bürünç medallardyr.


100 kilogramdan ýokary agramda tutluşan Nurmuhammet Baýdogdyýew Aziýanyň çempiony boldy ― diýip, özbek metbugaty habar berýär.


76 kilogramdan ýokary agram derejesinde güýjüni synan Aýnur Faýzullaýewa kümüş medala eýe çykdy. Ol diňe finaldaky garşydaşyndan asgyn geldi.


Hesel Bekiýewa (55 kg), Gülnar Joraýewa (65 kg), Hajymyrat Suwhanow (60 kg), Tejen Tejenow (70 kg) hem-de Gurbangeldi Gurbangeldiýew (80 kg) çykyşlaryny öz agram derejelerindäki bürünç medallar bilen jemlemegiň hötdesinden geldiler.