POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy mälim edildi. 2023-nji ýylyň maý aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, bu ugurda ýurt boýunça «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňdeligi eýeledi diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, «Daýhanbank» DTB-niň 9 043 sany POS-terminaly bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda «Türkmenistan» DTB (8 092), üçünji orunda bolsa «Halkbank» PTB (7 729) durýar.
«Daýhanbank» PTB-niň POS-terminallary, esasan, ýurduň sebitlerinde gurnalandyr. Olaryň köpüsi bolsa ýurduň Lebap (2 566), Mary (2 006) we Daşoguz (1 745) welaýatlarynda ýerleşýär.
Şunuň bilen deňeşdirmek üçin mysala ýüzlensek, sanawda öňdeligi eýeleýän beýleki banklaryň — «Türkmenistan» hem-de «Halkbank» banklarynyň POS terminallarynyň aglabasy Aşgabatda gurnalandyr. Olara degişlilikde 3 383 hem-de 2 433 sany POS terminal degişli.
2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy:
- «Daýhanbank» DTB – 9 043;
- «Türkmenistan» DTB – 8 092;
- «Halkbank» PTB – 7 729;
- «Türkmenbaşy» PTB – 5 585;
- «Senagat» PTB – 4 610;
- «Rysgal» PTB – 4 032;
- Türkmen-türk PTB – 1 775;
- TDYDIB – 1 213.