«Inter» «Fiorentinany» utup, Italiýanyň Kubogyna eýe çykdy

10:5925.05.2023
0
21466

Milan şäheriniň «Inter» kluby Italiýanyň Kubogynyň final oýnunda Florensiýa şäheriniň «Fiorentina» toparyndan üstün çykdy.

Rim şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalan duşuşyk 2:1 hasabynda milanlylaryň peýdasyna tamamlandy.

Ýeňiş gazanan toparyň iki goluny hem Lautaro Martines (29, 37) öz adyna ýazdyrdy. «Fiorentinanyň» düzüminde bolsa Nikolas Gonsales (3) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Inter» bassyr ikinji gezek Italiýanyň Kubogyna mynasyp boldy. Topar geçen ýyl bu ýaryşyň finalynda goşmaça wagtda «Ýuwentusy» 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, Kuboga eýe çykypdy.

Ýeri gelende bellesek, «Inter» üçin bu möwsümde ýene bir kubok gazanmaga mümkinçilik bar. Has takygy, Simone Inzagiden tälim alýan topar 10-njy iýunda Stambul şäherinde geçiriljek ÝÇL-iň finalynda «Mançester Siti» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň