Turkmenportal logo
24.05.23
2179621796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildiSurat: astrakhan.tmconsulate.gov.tm

Türkmenistanyň Russiýadaky Baş konsullygy (Astrahan şäheri) beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresini gurady. Bu hakynda Baş konsullygyň web sahypasynda habar berildi.


Astrahan döwlet uniwersitetinde geçirilen çärä Astrahan sebitiniň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň müdiri, şeýle hem Astrahan sebitinde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.



Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary öz çykyşlarynda beýik akyldaryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny we onuň eserleriniň ýaş nesil üçin terbiýeçilik ähmiýetini bellediler.


Dabaraly konsert başlamazdan ozal myhmanlar üçin türkmen şekillendiriş sungaty eserleriniň, milli lybaslarynyň we türkmen halylarynyň sergisi guraldy.