Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy CAFA― 2023-däki duşuşyklaryny Daşkent şäherinde geçirer

13:1224.05.2023
0
37044

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyndaky duşuşyklaryny geçirjek şäheri we olaryň günleri belli boldy. Asia TV ýaryşyň senenamasyny Gyrgyzystanyň Futbol birleşiginiň paýlaşandygyny habar berdi.

«A» toparçada Özbegistanyň, Täjistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşjak türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 11-nji iýun güni Täjigistanyň, ikinji duşuşygyny 14-nji iýun güni Özbegistanyň, üçünji duşuşygyny bolsa Omanyň ýygyndysy bilen geçirer.

«B» toparçanyň duşuşyklary bolsa 10-njy, 13-nji we 16-njy iýun günleri Bişkek şäherinde geçiriler. Bu toparçada Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we Eýranyň ýygyndylary güýç synanyşar.

Her toparçanyň ýeňijisi 20-nji iýun güni geçiriljek final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky duşuşyk hem şol gün geçiriler.

Ýaryşda Omanyň ýygyndysyndan başga wekiller CAFA-nyň öz agzalarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň