Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
— Hormatly sergä gatnaşyjylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreler aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalara öwrülýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi hem ak mermerli şäherimiziň güni mynasybetli geçirilýär. Onda Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary görkeziler. Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri beýan etmäge mümkinçilik berýär we halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän bu sergi aşgabatlylarda hem-de paýtagtyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
«Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan Aşgabatda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurduň kuwwatynyň artýandygynyň, dowam edýän özgertmeleriň üstünliklere eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Aşgabat dünýäniň iň gözel we has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Ýurduň baş şäheriniň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
— Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Ýurdumyzyň ýüregi bolan şäherimiz syýasy-dolandyryş, ylmy, medeni, senagat, söwda, ulag merkezi bolmak bilen, uly ykdysady we ylmy mümkinçiliklere hem eýedir. Şoňa görä-de, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, söwda merkezleriniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenen seýilgähleriň gurulmagy işjeň alnyp barlar.
Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine hem öwrülýär. Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň şäherleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylar. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň paýtagtynyň ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.