Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyryna badalga berlip, onda «Köpetdag» bilen «Nebitçi» toparlary duşuşdylar. Paýtagtda geçirilen bu duşuşykda «Köpetdag» topary garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.
Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 14-e ýetiren «Köpetdag» ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi. 13 utugy bolan «Nebitçi» dördünji orunda ornaşdy.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 24-nji maýda geçirilip, onda «Merw» – «Energetik», «Altyn Asyr» – «Arkadag» hem-de «Şagadam» – «Aşgabat» toparlary duşuşarlar.
8-nji tapgyryň duşuşygy:
«Köpetdag» – «Nebitçi» – 1:0
Gol: 76 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 76 Baýramgeldi Gulmaýew, 64 Batyrgylyç Berdiýew, 90+5 Ylýas Çaryýew, 90+ Bagtyýar Gürgenow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b Toparlar O Ý D U T U 1. «Arkadag» 6 6 0 0 24-4 18 2. «Altyn Asyr» 6 4 2 0 12-2 14 3. «Köpetdag» 7 4 2 1 10-9 14 4. «Nebitçi» 7 4 1 2 9-8 13 5. «Aşgabat» 6 3 0 3 7-8 9 6. «Merw» 6 1 2 3 6-10 5 7. «Şagadam» 7 1 1 5 3-13 4 8. «Ahal» 7 1 0 6 3-10 3 9. «Energetik» 6 1 0 5 2-12 3

