Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysy» kitabynyň dowamyny ýazýar

12:5723.05.2023
0
35001
Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysy» kitabynyň dowamyny ýazýar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigi we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby 2022-nji ýylyň aprel aýynda çapdan çykdy. Geçen ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ol kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýyl zähmet rugsady döwründe ýazyp tamamlan bu kitaby ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalary, pikir-garaýyşlary özünde jemleýär. «Ömrümiň manysy» atly kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» ýaly bölümleri, şeýle-de olaryň her birine degişli bölümçeleri öz içine alýar. Olarda adamzat döräli bäri ýaradylyşyň gözbaşyna, dünýä, tebigata, durmuşa akyl ýetirmek bilen baglanyşykly garaýyşlar, pikir-pelsepeler yzarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň