Türkmen wekiliýeti 1-2-nji iýunda Moskwa şäherinde geçiriljek Ýaş olimpiýaçylaryň halkara forumyna gatnaşar

12:3023.05.2023
0
32576

Türkmen wekiliýeti 1-2-nji iýunda Moskwa şäherinde geçiriljek Ýaş olimpiýaçylaryň halkara forumyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu mesele Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Rodion Plituhiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda rus tarapy türkmen hünärmenleriniň «Sporty dolandyrmak ussatlygy» halkara maksatnamasynyň çäklerinde Russiýanyň Halkara Olimpiýa Uniwersitetinde talyp hakly magistratura okuwlarynda bilim almaklaryny ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmen tarapy öz gezeginde iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, sportda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikler goruna eýedigini belledi. Şeýle-de ýaş türkmen türgenleriniň sportuň gyşky görnüşlerine uly gyzyklanma bildirýändiklerini, bu babatda russiýaly sport ussatlarynyň tejribeleriniň türkmen türgenleri üçin gymmatlydygyny nygtady.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň MOK-larynyň arasynda 2018-nji ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamany täzelemäge isleg bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, A.Akmämmedow Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň wekiliýetini degişli resminama gol çekişmek hem-de ýurduň sport infrastrukturasy bilen tanyşmak üçin tomusda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň