Turkmenportal logo
23.05.23
1922619226
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýuwentusda» goşa şowsuzlyk: ýeňliş we 10 utuk ýitgi
«Ýuwentusda» goşa şowsuzlyk: ýeňliş we 10 utuk ýitgiSurat: prosports.kz

Turiniň «Ýuwentus» klubynyň indiki möwsümde Ýewropa çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmezligi mümkin. Çünki, galp maliýe amallary sebäpli bildirilen aýyplamalaryň netijesinde kazyýet A seriýanyň turnir tablisasynda «Ýuwentusdan» 10 utuk aýyrmak barada karar çykardy. Netijede «Ýuwentus» ýedinji orna çenli aşaklady.


Bu habaryň yzysüre düýn agşam «Ýuwentus» A seriýanyň 36-njy tapgyrynda «Empoli» bilen güýç synanyşyp, 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Häzirki wagtda «Ýuwentusyň» hasabynda 36 oýundan soňra 59 utuk bar. Şeýlelikde, ýaryşyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda «Ýuwentus» Ýewropa çempionlar ligasyna ýollanma berýän dördünji orundan 5 utuk yzda barýar.